Сообщения

Сообщения за апрель, 2023

Döredijilik synaglary

 Döredijilik synaglary Elbetde her bir goşgyçyda döredijilik synaglary mahsusdyr. Her bir adam bir işe ýürekden ýapyşsa, wagtyň geçmegi bilen şol işinde kämilleşmäge başlaýar. Dürli zatlary öwrenýär , dürli ýollary synap görýär.  Türkmen elipbiý harplary boýunça   A-Alkymyň alma deý ýaňja gyzaran  B-Biliň balyk kimin balkyldar durar  Ç-Çeper keşdelerden dünýä döredýäň  D-Dişleriň dür deýin ýylpyldar durar E-Eýesi sen bu düşniksiz dünýämiň  Ä-Ädimlerim saňa sary atygsar  F-Ful bedeniň görenleriň gözünde  G-Gözleriňde gör nijeme akyl bar H-Hyýalymyň melegi sen Maralym  I-Ile nusga işiň,edebiň ,haýaň  J-Jemalyň jahany haýrana goýar  Ž-Žurnalistler bilse ederler aýan K-Keýik kimin enaýyja endamyň  L-Lowur-lowur lowurdaýar ýüzleriň  M-Mynasyp sen gerçekleriň gerçegne  N-Näzijegim ,soltany sen gyzlary-Ň O -Owal-ahyr döremez beýle gözel  Ö-Ömür boýy ýazsam ýetmeýär wasbyň  P-Patyşalar dökse altynlaryny  R-Ruhum siňen roýuňdan gelmez üstin S-Sylýar ýüze seni gören eneler  Ş-Şular ýaly gelin ge

Balykçylar biz

 Balykçylar biz  Şeýle ajap sözler geldi içimden,  Goşga mynasypdyr balykçylarmyz. Rysgalmyzy gözläp suwuň içinden, "Balyk-baýlyk" diýýän balykçylar biz. "Essalawmaleýkim Gün aga"diýip, "Essalawmaleýkim Suw aga"diýip, Ädik,ellik,başgap,azika geýip, Daňdan suwa girýän balykçylar biz. Yssyda,sowukda,garda,ýagyşda, Güýzde hem-de ýazda,tomusda,gyşda, Elmydama işde,şeýle durmuşda, Ýaşamagy söýýän balykçylar biz. Tomsuň jowzasyna endamy ýakyp, Gyşyň aňzagynda üşäp, ot ýakyp, Halal zähmet çekip,halal der döküp, Halal çörek iýýän balykçylar biz. Bulary aýdamok dilime çolap. Dogry "Balyk" diýip heläk biz heläk. Rysgal , bereketi Alladan diläp. Diňe Alla uýýan balykçylar biz. Gerçeknazar Amannazarow 

Momma kakam toý tutsa

Näme diýseň diliňde, Momma kaka toý tutsa  Näme iýseň öňüňde  Momma kaka toý tutsa  Palata zerli-zerli  Naharlar dürli-dürli  Içip bolarsyň kirli  Momma kaka toý tutsa  Puly käniň oýny kän Geçisi kän,goýny kän  Bagşylaram şeýle kän  Momma kaka toý tutsa  Hajy,Hemra,Çary bar  Rüstem,Batyr,Nury bar  Aý karoçi bary bar  Momma kaka toý tutsa  Geler durar tanyşlar  Tanyşlar nätanyşlar  Görmeýäniň tanyşdyr  Momma kaka toý tutsa  Obamyz bolar şäher  Hiç kimde bolmaz gahar  Öýňe daşarsyň nahar  Momma kaka toý tutsa  Maşynlar köçä sygmaz  Myhmanlar keçä sygmaz  Şol gün ýagyşam ýagmaz  Momma kaka toý tutsa  Garyplaram daýanar  Görüplerem guwanar  Alkaşlaram begener  Momma kaka toý tutsa  Agam toýuň kän bolsun  Goşgym ýadygär galsyn  Gelmeýänlerem gelsin  Momma kakam toý tutsa  (11.03.2023) Gerçeknazar Amannazarow 

Dört amal

 Dört amal  Bir gün işde otyrdyk biz gülüşip. Iş ýeri öwrüldi bir gybathana. Soňra birne sorag berdik degişip, "Heý bilýäňmi agam dört amal näme?" Haýran galaýmaly Öwez agamyz, Dört amaly bilip bilmedi anyk. Soňra bir ýaşuly gelip kündükli, Onuň jogabyny sözledi anyk. "Şonam bileňokmy" diýdi ýaşuly, "Dört amaly indi çagada bilýär. Birinjisi iýmek , ikinji içmek,  Üçünjisi siýmek , dördünji syçmak. Dört amal bolýar." (10.03.2023) Gerçeknazar Amannazarow 

Agşam ara çagy

 Agşam ara çagy Gör inhä ýene -de Gün ýaşyp gelýär,  Gör inhä ýene-de garalýar asman . Agşam ara çagy ajaýyp bolýar.  Synlaýan dünýäni ýüregim gysman. Ýyldyzlar görinýär ýuwaş -ýuwaşdan,  Hanha Aý hem ýere şöhlesin saçýar . Ajaýyp wakalar geçip dur başdan.  Nüçin gowy günler howlugyp geçýär? Gündogar şemaly saçymy sypap , Özine çekýärdi ajaýyp keşbi.  Agşam ara çagy dünýäni synlap.  Agşam ara çagy ýazýaryn goşgy Gerçeknazar Amannazarow 

Ylham derýasynda

 Ylham derýasynda  Köwsarlaýan duýgularmyň gomlary, Dynman itekleýär kenara sary.  Ylham derýasyndan çykmajak bolup,  Akymyň tersine kürekleýärin. Pikirlerim tolkun ýaly bulaşyk, Akyp barýan öz ugruma bulanyp. Bir ýandan harasat,  Bir ýandan ýagyş, Ajy damjalardan öl myžžyk ýürek. Bilmedim ne wagt çykarka Güneş. Ýeri şeýdip durmak nämäme gerek. Iş bitirjek bolýan, At aljak bolýan, Badymy saklaýar,bat aljak bolýan, Men ile gerekmi? Bolsam gerekli. Şeýdip öz-özümi gynap durşuma, Kürek sypyp gitdi. Maňa geregi. Sypsa sypsyn ýene düzederin men, we taryha altyn harply ýazyljak, Söz ederin men. Gerçeknazar Amannazarow 

Wesýetnama

 Wesýetnama  Görýän welin hormat goýdurmak üçin,  Gitmek gerek bu ýalançy dünýäden.  Bar wagtynda bilinmedi barlygym,  Barlygymy ölümden soň bilýärler.  Ölümden soň näm edeýin hormaty,  "Gerçek öldi" diýip gynanmasynlar.  Diri wagtym sylamadyklar meni,  Soň sylajak bolup synanmasynlar. Iň gowysy doga-dileg ediň siz, Gurhan okaň hiç aýatdan doýmasyn. Gurhan bilmeseňem okaý bilenňi,  Az okady diýip gaty görmerin.  Arzuwym ýok , armanym ýok durmuşdan, Hakyň beren ömrün menem ýaşadym. "Öldi" diýip öldürmäň-ä siz meni,  Meni baky kalbyňyzda ýaşadyň. (18.02.2023) Gerçeknazar Amannazarow 

Gerçeknazar Amannazarow

 Gerçeknazar AMANNAZAROW  Gerçeknazar Amannazarow 1996-njy ýylyň iýul aýynyň on dokuzyna , Ahal walaýatynyň, Gökdepe etrabynyň, Isbirden obasynda dünýä inýär.Ol 2003-nji ýylda şol obanyň 8-nji orta mekdebine okuwa girýär.Gerçeknazar heniz okuwçy wagtlary öz çaga ýüreginde joşup duran duýgylaryny goşgy setirlerine siňdirmäge başlaýar.2013-nji ýylda orta mekdebi üstünlikli tamamlap, 2014-nji ýylda watan goragyna gidýär.Ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň harby böliminde gulluk edýär.Harby gullukda wagtlary hem dürli döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp hormat we minnetdarlyk hatlaryna mynasyp bolýar.2016-njy ýylda harby gullugy tamamlap ,2019-njy ýylda Gökdepe kän müdürligine işe girýär.Ol häzir hem şol ýerde işleýär.Gerçeknazar Amannazarow işden boş wagtlary döredijilik bilen gyzyklanyp dürli mowzukda ajaýyp eserleri döredýär.Geliň indi bolsa şahyryň ýazan eserleri bilen tanyş bolalyň. Daýhan buýsanjy. Uzakdan görünýär ýaşyl maýsalar. Lowurdaýar olar Günüň çogyna.  Dagyň etegind

Eje daş ýagýar (bolan waka)

 "Eje daş ýagýar" (bolan waka) Näçe ýaşymdadygym anyk ýadyma düşenok.Bolsa ýaňy bir mekdebe gatnap başlan wagtlarymdyr. Men ilkinji gezek gyzdyrma keseline ýolugypdym. Henizem ýadymda. Içki jaýda , kondisioneriň aşagynda , gara der bolup ýatyrdym. Ýanymda ejem bardy. Kelläm şeýle bir güwläp agyrýardy,başym aýlanýardy.Endamym ot ýaly gyzgyn bolsada , gaty üşeýärdim.Üstümdäki ýorganyma bürenip, penjireden daşaryny synlajak bolýardym.Örän elhenç ýagdaýdadym.Hamala penjiräniň içinden geçip, ullakan-ullakan daşlar üstüme gaýdyp duran ýalydy.Elhenç gorkupdym.Kiçijek ellerimi aýna uzadyp:   - Eje daş ýagýar. Eje seret daş ýagýar-diýip gorkujygyma daş ýagýandygyny ejeme görkezjek bolýardym.Gözlerimden buýur-buýur ýaşlar akýardy.Ejem näme diýjegini bilmän yzly-yzyna başymy sapalap,göz ýaşlaryny gizlejek bolýardy.Soňra ýer iki ýana çaýkanyp başlady.Daşam üstümden ýagyp durdy .Ýöne endamym gyzgynlykdan başga zady duýmaýardy. Aglap-aglap ýatyp galypdyryn. Ol günleri ýatlamagam gorkunç.

Näme üçin ýazmaly?

 Näme üçin ýazmaly? "Näme üçin ýazmaly?"diýlen soraga birnäçe jogaplar berip bolar,ýöne men iň esasy aşakdakylar ýaly jogap beresim gelýär.  1. Sogap gazanmak üçin .  2. Ile kömek etmek üçin .  3. Emri magruf,nehi münker. Indi ýokardaky jogaplaryň üstünde has giňişleýin durup geçeýin.  1. Sogap gazanmak üçin ýazmak.   Bu jogaba eýýäm köpler doly düşünen bolsa gerek. Ýagny diňe baýlyk gazanmak üçin ýazman arasynda sogap gazanmak üçinem ýazmaly. Meselem Allatagala barada ylahy goşgylar döretmek,yslam dinine , dogry ýola çagyrýan manyly eserler ýazmak diňe biziň diri wagtymyz däl hatda bu dünýeden gidenimizden soň hem bize sogap gazandyryp biler. Meselem henizem Magtymguly işanyň ýazan goşgylaryny okap ,dogry ýola gelip, Magtymgula alkyş aýdýanlar az däl. Şu wagt men "Sen nä Magtymgulymy?"diýen soragy eşden ýaly boldum.Soraga jogabym"Hökman Magtymguly bolmalymy?" Şu wagt tehnologiýanyň ösen döwri , sähelçe zähmet bilen azajyk wagtyň içinde ýazanlaryňy million

Aýralyk goşgylary

 ÝÜREGIMDE ÝAŞAÝAŇ. Unutmaryn, uzaklarda bolsaňda, Çünki sen meň ýüregimde ýaşaýaň. Bu gün özgäň gujagyna dolsaňda,  Ýene saňa bagt diläp ýaşaýan. Geregim sen , Ýüregim sen,  Janym sen. Janda ruhum, damarymda ganym sen.  Seni nädip beýle söýip bildim men ?  Indi diňe, bir sen diýip ýaşaýan. Gerçeknazar aýdar sensiň mydarym. Aýt sensiz bu derde nädip çydaryn?  Boldy besdir galmady meň kararym, Menem adam düşün menem ýadaýan. * * * AÝRALYK. Haýyş edýän gitmesene söýgilim , Bu gün menden dönip barýarsyň nirä ? Söz berdiňä "Baky bile borus" diýp,  Indi menden dönip barýarsyň nirä? Aldandyňmy ,aldawçylaň alyna . Baglandyňmy, nadanlaryň ýoluna.  Aýt, neneň dözýärsiň meniň halyma?  Aýdaý menden dönip barýarsyň nirä? Bagt dälmi söýilip, söýip ýaşamak? Şol ýaryň söýgisin duýup ýaşamak. Seret maňa, gözlemdäki ýaşa bak.  Meni ýalňyz goýup barýarsyň nirä? Ýa ýalanmy, hemme aýdan sözleriň?  Nüçin menden gizleýärsiň gözleriň? Aglamaýda ,aglatmana dözmerin.  Aýdaýsana Aýym barýarsyň ni

Akylym

 AKYLYM  "Aklym" diýip aldyň bolan aklymy, "Toklum" diýip hakyt tokla öwürdüň. Indi idelmeýär "köne dostlarym", Durmuşymy sen tersine çöwürdiň. Bu durmuşda öňküdenem bagtly men, Aslynda durmuş hem hezil eken-ä. Gezdim munda mydam gözellik gözläp, Durmuş ýaryň bilen gözel eken-ä. Maňa mundan beter bagt gerek däl , Şükür ýaşap ýörün aýlygym bilen. "Garyp" diýip göwnemedik gyzlaryň, Içini ýakýaryn baýlygym bilen . Her gülende güller açýan Gülkahkam! Sensiz bu durmuşy näme edeýin? Uzaklardan gözleýärdim men seni , Aslynda sen meniň ýanymda ekeniň. (18.04.2023 09:00) Gerçeknazar AMANNAZAROW.

A gyz beräý nomeriňi (degişme goşgy)

 A gyz beräý nomeriňi (degişme goşgy ) Ýüregime saldym şygram  Haýpyň gelsin birje gram  Götermez derdim moşny kran  A gyz beräý nomeriňi (degişmelerden) Seni gördüm,mament söýdüm  Diýdim "Beräý nomeriňi " Ýalbardym berersiň öýdüp  Haýyş beräý nomeriňi Tarypyňy ýazdym ençe  Heý gözel barmyka sençe ? Gije urlup geldim şunça  Indi beräý nomeriňi 65-lik diýip gülýäň  Nüçün meni oýnan bolýaň  Ahyr berjegiňä bilýän  A gyz beräý nomeriňi  Düýn öýlän ýanyňa bardym  Agaň bar eken soň gördüm  Wah şol günem gaýtdym urlyp  A gyz beräý nomeriňi Öýe geldim kakam gördi  Näm boldy diýp sorag berdi  Sen maňa boldyňa görgi  A gyz beräý nomeriňi Agalarmyň bary bildi  Baryda üstümden güldi  Ejemjanyň haýpy geldi  A gyz beräý nomeriňi Erkek sözün berýär Gerçek  Seni jandan eziz görjek  Diňe saňa göwnüm berjek  A gyz beräý nomeriňi (28.04.2020) Gerçeknazar Amannazarow 

Ylym

 Ylym Her dürli dälilik bardyr dünýäde , Hemme ylymlary öwrenjek bolup , Hemme alymlara öýkünjek bolup , Gezip ýörmek, olam bir dälilikdir. Saňa bolsa ýeter ýeketäk ylym, Iň kämil ybadat ,iň mäkäm sütün. Emma beýle ylym berilmez barça, Beýle ylym dogry sözli,arassa, Adama berler. Nähili bolsada kämil ylymdan, Beýleki ylymlar gyzykly görner, Peýdaly görner . Bir ylmyň alymy,mollumy bolup, Tagat-ybadatdan daşda bolandan, Daşlaşyp ondan. Elbet şol ylymdan bihabar bolup , Haýyrlydyr dogry ýolda gezmegiň, Haýyrlydyr kämil ylym öwrenip, Many düzmegiň. Gör näçe ylymlar bardyr eýesin, Bu dünýäde baýlyga hem şöhrata, Eýe eder, elbet sözlerim hakdyr. Ahyrýetde bolsa onuň hiç hili, Peýdasy ýokdur. Gerçeknazar Amannazarow 

Haçana çenli

 Haçana çenli Gyl üstinde gezýäris Haçan taýjak näbelli Gitjegmizi syzýarys Galjak haçana çenli? Geldik bu synag ýere Kökinden synan ýere Bu agyr synaglara Dözjek haçana çenli? Mekirlige bil baglap Gezme ýalandan aglap Ili, öziñi aldap Gezjek haçana çenli Bolma gaýyba gurjak Bir Haka belli geljek Ýazjagyñy ýaz Gerçek Ýazjak haçana çenli ? Gerçeknazar Amannazarow 

Isleg

 Ýazasym gelýär munda. Ýaşamadym ine gana , Ýazasym gelýär munda . Zyndanda ýaly hamala , Gezesim gelýär munda. Häkim bolup bet gylyga , Garylyşsam ilçilige , Kysmatdaky kynçylyga, Dözesim gelýär munda. Islämoga kän baýlygy , Soka salýan her aýymy , Dünýälikden öz paýymy, Alasym gelýär munda. Okap ,ýazyp ,gulap asyp , Gezmelimi golum gysyp ? Adam adyma mynasyp , Bolasym gelýär munda. Gerçeknazar Amannazarow .

Syrdaşym-gündeligim (goşgy)

 Syrdaşym-gündeligim. Salam eziz syrdaşym! Ýagdaýlaryň ýagşymy? Ýene geldim ýanyňa, Sylsana göz ýaşymy. Ýazaýynla goýnuňa, Ýürekdäki barymy. Däliredýän duýgymyň, Dökeýinle baryny. Ýakymsyz ýatlamalaň, Ýatlamaly birinem. Kowalaly it salyp, Kalbymyzdan barynam. Biwepa söýgüni hem, Gömeli öz gömşi deý. Goldawsyz garyndaşlar, Ýaşabersin goňşy deý. Işleşmeli işdeşlem, Bir-birini satyp dur. Durmuş ölümden agyr, Atomyny atyp dur. Dostsyraýan dostlarym, Satyldy bir manada . Şükür Alladan nygmat, Nesip etdi maňada. Maşgalam-meň baş galam, Bolman geçsin başgalar. Ine şeýdip täzeden, Täze durmuş başlanar. Täk Taňrydan dilegim, Söýse söýen melegim. Nurly ojagmy bezäp, Ynjytmasa ýüregim. Ýene ýagşy günlerde, Ýylgyrypjyk gelerin. Ýüregimi ýeňletdiň, Hoş sag bol gündeligim. Gerçeknazar Amannazarow 

Namaz okaýan nur (bolan waka)

 NAMAZ OKAÝAN NUR (BOLAN WAKA) 2015-nji ýylda ýagny Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň harby bölüminde gullyk edip ýören wagtym men juda täsin bir zady hakykatdanam öz gözüm bilen görüpdim. TES-de ýagny Türkmenbaşy şäheriniň elektrik stansiýasynda biz adatdakylar ýaly sakçy durmana barýardyk. Men bäşinji postda durmalydym. Bäşinji post durşy bilen demirden dolydy. Şol demirli postda gijäniň ýary sagat 02:00-dan 04:00-a çenli durmalydym.Ýöne men gije bolsun , gündiz bolsun ,hiç hili goragda durmana gorkmaýardym. Eýýäm bir ýyl bäri şu ýere gatnap gije-gündiz döwlet wajyp desgalarynyň goragynda durýardym.Şol posda duranyma bir sagat gowrak wagt geçendir edil gapdalymdaky beÿik demiriñ ùstùnde bir adamyn kybla bakyp namaz okap duranyny gôrùpdim.Gôzùme gôrùnÿàndir diÿip içgin seretdim hakykatdanam bir adam namaz okaÿar.Ÿône ol adamynky ÿaly bedenli dälde durşuna nurdy .Ol nur daşyna lowurdap ÿalkym saçyp durdy.Men oňa iki, üç,dört gezek seretdim ,hakykatdanam ol kybla bakyp namaz okap

Söhbetdeşligiň bezegi (bolan waka)

 Söhbetdeşligiň bezegi (bolan waka) Obamyzdaky "Sary kary ahun" metjidinde remezan aýynda her gün diýen ýaly agzaçar edilýärdi. Bu gün (ýagny 2012-nji ýylyň sentýabr aýynyň sekizinde) hem şonuň ýaly agzaçarda şeýle waka boldy.  Biz üýşüp metjidiň ýanyndaky jaýyň içinde öňümize suw,hurma,gawun-garpyz alyp agzaçara taýyn bolup oturdyk. Biziň aramyzda oturan Muhammedaly mugallym : -Eger diňleseňiz size soragym bar -diýdi. Muhammedaly mugallym ençeme ýyldan bäri Gökdepe etrabynyň 8-nji orta mekdebinde mugallymçylyk edýärdi. Ol orta boýly, etli-ganly ,ýaşy ýetmize golaýlan adamdy. Şeýle-de bolsa ol daşyndan kyrk,kyrk bäş ýaşlarynda görünýärdi.Biz Muhammedaly mugallyma gysgaça "Mollum" diýip ýüzlenýärdik. Biz: -Diňleýäs mollum aýdyber -diýeninden soňra ol bize şeýleräk bir sorag berdi: -Magtymgulynyň kakasy kim bolupdyr? -Döwletmämmet Azady. -Ejesi kim bolupdyr. -Orazgül. -Akmaýanyň ýoly ýyldyzlar toparyna Oguz han döwründe näme diýlip atlandyrlypdyr?  Ine bu soraga joga

Baýram guşy (bolan waka)

 Baýram guşy (bolan waka) Şükür bu ýyl hem Allajan öz rehmetinden eçildi. Ine maňada baýram namazyny okamak miýesser etdi . Men kakam bilen Gökdepe metjidine ýetip barýardyk. Howa azajyk sowgyrakdy,gündogardan çalaja sowujak şemal öwüsýärdi. Gökdepe metjidiniň depesinde Güneş gyzaryp gözüňi gamaşdyrýardy. Metjidiň mikrofonyndan ymamyň wagyzy ýaňlanyp durdy.Daş töweregindäki adamlar biri-birinden gowy musulman eşiklerini geýip, iň gowy müşklerden sepinip , şadyýan ýagdaýda baýram bereketinden öz paýlaryny almana howlugyp gelýärdiler. Metjidiň gümmezinde guşlar gaýmalaşyp kä gümmeze gonýardylar, käte bolsa ýokarlygyna uçuşyp ýene-de yzyna dolanyp gelýärdiler. Men şol guşlara gözümi aýyrman seredip ýuwaşlyk bilen ýöräp gelýärdim. Içimden bir ses maňa "Olar guşlar däl, perişdeler" diýýärdi. Şol pursat men hem "Allajan eger olar perişdeler bolsa , onda şolaryň içinden birini meniň ýanymada ýollaýda" diýip dileg edipdim. Tüweleme bu wagt adamlardan ýaňa metjidiň içind

Doglan gün gutlagy

  Doglan gün gutagy. Ýürekden syzdyryp aýdýan sözlerim,  Doglan günüň gutly bolsun gelneje.  Elmydama gülüp dursun gözleriň , Ömrüň süýji datly bolsun gelneje . Gör gelnejem bu gün hasam bagtyýar , Gör ne gözel gözlerinde jady bar,  Şu setirler galsyn menden ýadygär , Doglan günüň gutly bolsun gelneje . Arzuwlarym kändir ýagşydan-ýagşy , Ömrüň uzak bolsun ,ýollaryň ýagty , Alladan dileýän saňa ak bagty , Doglan günüň gutly bolsun gelneje . Gerçek hem goşulýar gutlag sözüne , Bagt gülüp baksyn güler ýüzüňe , Ýowuz günler görkezmesin gözüňe , Ömrüň süýji datly bolsun gelneje , Doglan günüň gutly bolsun gelneje . Gerçeknazar Amannazarow.

Gündeligimden...

 Gündeligimden... Durmuş uzyn romandyr, Näçe ýazsaň ýazyber. * * * Akylly adam her bir bolan wakadan many alar. * * * Iň uly miras baýlyk dälde, abraýdyr. * * * O:t tüssesiz bolmaz, adam gussasyz bolmaz. * * * Akyl iş akyldan çykar, akyllar nakyldan çykar. * * * Hassa melhem gerek, şahyra ylham gerek. * * * Aşa joşgun adamyny köp gürlemäge mejbur edýär. * * * Adam- sähelçe zada begenip, sähelçe zada gynanyp bilýär. * * * Her bir adam,adam bilen adamdyr, Bu dünýäde ýaşap bormy adamsyz? * * * Goý mydam ýagşy adamlar, Ýagşy ýola ätlesinler. Sen dünýäde ýagşylyk et, Ýagşylykda ýatlasynlar. * * * © Gerçeknazar AMANNAZAROW 

Ýalňyzlyk

  ÝALŇYZLYK Ümsüm gijäň gussasyna gaplanyp, Ýalňyzlyga ýoldaş bolup durun men... Bu gije garaňky , Örän garaňky . Nehä Aý görinýär , Nede bir ýyldyz, Diňe şol uzakda öçigsi çyra , Çalaja ýylpyldap görinýär göze , Durun menem şol bir ýerde aýlanyp, Mähriban maşgalam hakda oýlanyp , Ýö:rün aýlanyp. …Işden gelýändirsiň öýe howlugyp, Çagalaň gülişip öňiňden çykar , -Kakaaa , -Kakaa, -Kakam gelýär -diýişip, Paýtyl-puýtyl edip ylgajak bolar, Ýykylaýmasyn diýip ylgarsyň senem, Olardan beter. Şol pursat ulyjaň eliňden tutar,  Soňra körpejäni gujagňa alyp , Öýiňe gelersiň şadyýan bolup. Gyzgynjak maşgala , Gyzgynjak nahar , Telewizoryň sesi , Çaga gülkisi, Keýwanyň çaý demläp öňiňde goýar, Seniň bolsa keýpiň bolmaz hiç zada, Şondan uly bagt barmy dünýäde ?... Ümsüm gijäň gussasyna gaplanyp, Tebigatyň ajysyna taplanyp , Ýalňyzlyga ýoldaş bolup durun men , Ýok şol ýalňyzlykdan boldum men bizar, Boldum men hassa. Ölümden hem beter ajy zatlar bar , Ýa ýalňyzlykmyka iň uly gussa? Gerçeknazar AMANNAZ