Namaz okaýan nur (bolan waka)

 NAMAZ OKAÝAN NUR (BOLAN WAKA)


2015-nji ýylda ýagny Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň harby bölüminde gullyk edip ýören wagtym men juda täsin bir zady hakykatdanam öz gözüm bilen görüpdim. TES-de ýagny Türkmenbaşy şäheriniň elektrik stansiýasynda biz adatdakylar ýaly sakçy durmana barýardyk. Men bäşinji postda durmalydym. Bäşinji post durşy bilen demirden dolydy. Şol demirli postda gijäniň ýary sagat 02:00-dan 04:00-a çenli durmalydym.Ýöne men gije bolsun , gündiz bolsun ,hiç hili goragda durmana gorkmaýardym. Eýýäm bir ýyl bäri şu ýere gatnap gije-gündiz döwlet wajyp desgalarynyň goragynda durýardym.Şol posda duranyma bir sagat gowrak wagt geçendir edil gapdalymdaky beÿik demiriñ ùstùnde bir adamyn kybla bakyp namaz okap duranyny gôrùpdim.Gôzùme gôrùnÿàndir diÿip içgin seretdim hakykatdanam bir adam namaz okaÿar.Ÿône ol adamynky ÿaly bedenli dälde durşuna nurdy .Ol nur daşyna lowurdap ÿalkym saçyp durdy.Men oňa iki, üç,dört gezek seretdim ,hakykatdanam ol kybla bakyp namaz okap otyr.Bolsada ol daşyna garanjaklamaýapdy.Şol bir duran ÿerinde durdy.Soñra oña seredip bilmedim.Başga tarapa seretdip duruberdim.Seretmedigimçe ýüregim biraz köşeşýärdi.Elbetde men ÿanymdaky telefondan beÿleki gullukdaşlaryma,garawul jaýyna jañ edip olary çagyryp bilýärdim,ýöne jañ etmedim.Ol barada şu wagta çenli hiç kime aÿtmadym.Soñra kyrk bäş minut töweregi geçendir ÿañky namaz okaÿan nuruñ öz-özi duýdansyz ýitip gitdi.Çalşyryjy gelip meni garawul jaýyna alyp gitdi...


Hormatly okyjylar! Siziñ durmuşuñyzda hem şular ÿaly täsin wakalar bolup geçendir. Bu bolsa gudraty güýçli Allatagalanyñ bardygyna subutnama bolup durýar . (soňy)


© Gerceknazar AMANNAZAROW

Комментарии

Популярные сообщения из этого блога

Gerçeknazar Amannazarow