Gerçeknazar Amannazarow

 Gerçeknazar AMANNAZAROW 


Gerçeknazar Amannazarow 1996-njy ýylyň iýul aýynyň on dokuzyna , Ahal walaýatynyň, Gökdepe etrabynyň, Isbirden obasynda dünýä inýär.Ol 2003-nji ýylda şol obanyň 8-nji orta mekdebine okuwa girýär.Gerçeknazar heniz okuwçy wagtlary öz çaga ýüreginde joşup duran duýgylaryny goşgy setirlerine siňdirmäge başlaýar.2013-nji ýylda orta mekdebi üstünlikli tamamlap, 2014-nji ýylda watan goragyna gidýär.Ol Balkan welaýatynyň Türkmenbaşy şäheriniň harby böliminde gulluk edýär.Harby gullukda wagtlary hem dürli döredijilik bäsleşiklerine gatnaşyp hormat we minnetdarlyk hatlaryna mynasyp bolýar.2016-njy ýylda harby gullugy tamamlap ,2019-njy ýylda Gökdepe kän müdürligine işe girýär.Ol häzir hem şol ýerde işleýär.Gerçeknazar Amannazarow işden boş wagtlary döredijilik bilen gyzyklanyp dürli mowzukda ajaýyp eserleri döredýär.Geliň indi bolsa şahyryň ýazan eserleri bilen tanyş bolalyň.


Daýhan buýsanjy.


Uzakdan görünýär ýaşyl maýsalar.

Lowurdaýar olar Günüň çogyna. 

Dagyň eteginde ekin ekdik biz.

Käte aýlanardyk Köpetdagyma.


Ine, ýene geldik ekin meýdana,

Bir eliňde orak ,bir eliňde pil.

Gök maýsalar yranyp dur her ýana, 

Joýalardan-joýa akyp barýar sil.


Orak bilen orýas haşal otlary,

Hem pil bilen akar ýaby bekleýäs.

Işleýäs meýdanda her gün der dökip, 

Şeýdip halal maşgalany ekleýäs.


(2013)


Gel gyz.


Gel gyz , bu bagtyma bol sen sebäpkär, 

Menem seni bagtly edeýin ömürlik .

Bagtly bolmana juda sebäp kän ,

Gitme gözel gursagymdan sogurlyp .


Gelişiň ömrüme iň uly öwrüm ,

Durmuşymy bagta tarap öwürdiň .

Ýylgyrşyňa joşup gaýnady göwnüm ,

Entek mende ýaşalmadyk ömür sen .


Gel ýumur sen gussalarmyň binasyn ,

Döredeli bile başga dünýäni .

Gel sen meni sensizlikden halas et ,

Soň ýaşabereli başgalar ýaly .


Sen maňa sowgat et gaýgy hem gülki ,

Saňa bolan söýgüm soňlanmasynla .

Gitseň goşgylarym jemlener belki ,

Gitme bu goşgymam jemlenmesinle.


(08.02.2023).


Agşam ara.


Bäh onuň owadandygny,

Goşgy ýazybermeli. 

Gögüň ýüzi gyrmyzy,

Bulutlar bölek-bölek, 

Ýyldyzlar ýylpyldaşýar, 

Aýa dälde Aý bölek.

Çirkeýler çirkildeşýär,

Gijekörler gaýyşýar ,

Hanha göründi Aýam ,

Şagallaram uwlaşýar.

Ýaldyraşýar ýyldyz deý,

Obanyň çyralary.

Gör neneň ajap bu gün,

Kenaryň gyralary .

Otyryn ýeke özüm.

Gör ne hezil ýekelik ,

Gör ne hezil ümsümlik, 

Güneş girdi öýlerne, 

Bilmedimem hoşlaşyp .

Golaýlaşýardy tümlik .

Ösýär sowujak şemal .

Hiç gidesim gelenok ,

Arman gitmeli boljak.

Garaş maňa kenarym,

Ertir ýene-de geljek .

Ýazybam ýetişmedim, 

Barýar Günem gysgalyp ,

Geçýär günler gyssanyp, 

Gözellik şeýle bolýar ,

Goşgym ýaly gysgajyk .


(21.03.2023)

Комментарии