Balykçylar biz

 Balykçylar biz 


Şeýle ajap sözler geldi içimden, 

Goşga mynasypdyr balykçylarmyz.

Rysgalmyzy gözläp suwuň içinden,

"Balyk-baýlyk" diýýän balykçylar biz.


"Essalawmaleýkim Gün aga"diýip,

"Essalawmaleýkim Suw aga"diýip,

Ädik,ellik,başgap,azika geýip,

Daňdan suwa girýän balykçylar biz.


Yssyda,sowukda,garda,ýagyşda,

Güýzde hem-de ýazda,tomusda,gyşda,

Elmydama işde,şeýle durmuşda,

Ýaşamagy söýýän balykçylar biz.


Tomsuň jowzasyna endamy ýakyp,

Gyşyň aňzagynda üşäp, ot ýakyp,

Halal zähmet çekip,halal der döküp,

Halal çörek iýýän balykçylar biz.


Bulary aýdamok dilime çolap.

Dogry "Balyk" diýip heläk biz heläk.

Rysgal , bereketi Alladan diläp.

Diňe Alla uýýan balykçylar biz.


Gerçeknazar Amannazarow 

Комментарии

Популярные сообщения из этого блога

Gerçeknazar Amannazarow