Näme üçin ýazmaly?

 Näme üçin ýazmaly?


"Näme üçin ýazmaly?"diýlen soraga birnäçe jogaplar berip bolar,ýöne men iň esasy aşakdakylar ýaly jogap beresim gelýär.


 1. Sogap gazanmak üçin .

 2. Ile kömek etmek üçin .

 3. Emri magruf,nehi münker.


Indi ýokardaky jogaplaryň üstünde has giňişleýin durup geçeýin.


 1. Sogap gazanmak üçin ýazmak.

 

Bu jogaba eýýäm köpler doly düşünen bolsa gerek. Ýagny diňe baýlyk gazanmak üçin ýazman arasynda sogap gazanmak üçinem ýazmaly. Meselem Allatagala barada ylahy goşgylar döretmek,yslam dinine , dogry ýola çagyrýan manyly eserler ýazmak diňe biziň diri wagtymyz däl hatda bu dünýeden gidenimizden soň hem bize sogap gazandyryp biler. Meselem henizem Magtymguly işanyň ýazan goşgylaryny okap ,dogry ýola gelip, Magtymgula alkyş aýdýanlar az däl. Şu wagt men "Sen nä Magtymgulymy?"diýen soragy eşden ýaly boldum.Soraga jogabym"Hökman Magtymguly bolmalymy?" Şu wagt tehnologiýanyň ösen döwri , sähelçe zähmet bilen azajyk wagtyň içinde ýazanlaryňy millionlarça,milliardlarça ... adamlar bilen paýlaşyp bolýar. Biziň Türkmenistan döwletimizde hem şular ýaly sogaply işleri etmäne päsgelçilik göremok.


 2. Ile kömek etmek üçin ýazmak.

 

Kähalat internetde "Maňa plan temadan,plan hili goşgy ýazyp beräýiň" ýaly haýyşlar köpümiz gabat gelensiňiz. Şol haýyşlar boýunça eser ýazyp adamlaryň alkyşyny almak biziň üçin uly bagt dälmi eýsem? "Altyn alma,alkyş al" diýen nakyla uýup illere gerekli eserler döretmek üçin ýazmaly.


 3. Emri magruf we nehi munker sözüniň türkmençe terjimesi ,

 

 1.Adamlary dogry ýola çagyrmak.

 2. Adamlary erbet ýoldan gaýtarmak.

 

Hatda bu ikisi her bir adamyň boýnunda bäş wagt namaz okamak ýaly parz bolup durýar. Şol sanda edebiýat edep sözünden gelip çykyp ,onuň wezipesi adamlara ahlak terbiýe, edep bermekden ybarat. Çeper edebiýat adamyň aňyna ,duýgylaryna has ýiti täsir edýär.Sözi näçe uzaltsaň uzaldybermeli, ýöne uzaldyp oturjak däl. Ine "Näme üçin ýazmaly?" diýen soraga iň gowy jogaplar.


Gerçeknazar Amannazarow.

Комментарии

Популярные сообщения из этого блога

Gerçeknazar Amannazarow