Ýalňyzlyk

 

ÝALŇYZLYK


Ümsüm gijäň gussasyna gaplanyp,

Ýalňyzlyga ýoldaş bolup durun men...

Bu gije garaňky ,

Örän garaňky .

Nehä Aý görinýär ,

Nede bir ýyldyz,

Diňe şol uzakda öçigsi çyra ,

Çalaja ýylpyldap görinýär göze ,

Durun menem şol bir ýerde aýlanyp,

Mähriban maşgalam hakda oýlanyp ,

Ýö:rün aýlanyp.


…Işden gelýändirsiň öýe howlugyp,

Çagalaň gülişip öňiňden çykar ,

-Kakaaa ,

-Kakaa,

-Kakam gelýär -diýişip,

Paýtyl-puýtyl edip ylgajak bolar, Ýykylaýmasyn diýip ylgarsyň senem, Olardan beter.

Şol pursat ulyjaň eliňden tutar, 

Soňra körpejäni gujagňa alyp ,

Öýiňe gelersiň şadyýan bolup.


Gyzgynjak maşgala ,

Gyzgynjak nahar ,

Telewizoryň sesi ,

Çaga gülkisi,

Keýwanyň çaý demläp öňiňde goýar,

Seniň bolsa keýpiň bolmaz hiç zada,

Şondan uly bagt barmy dünýäde ?...


Ümsüm gijäň gussasyna gaplanyp,

Tebigatyň ajysyna taplanyp ,

Ýalňyzlyga ýoldaş bolup durun men ,

Ýok şol ýalňyzlykdan boldum men bizar,

Boldum men hassa.

Ölümden hem beter ajy zatlar bar ,

Ýa ýalňyzlykmyka iň uly gussa?


Gerçeknazar AMANNAZAROW.



Комментарии

Популярные сообщения из этого блога

Gerçeknazar Amannazarow