Döredijilik synaglary

 Döredijilik synaglary


Elbetde her bir goşgyçyda döredijilik synaglary mahsusdyr. Her bir adam bir işe ýürekden ýapyşsa, wagtyň geçmegi bilen şol işinde kämilleşmäge başlaýar. Dürli zatlary öwrenýär , dürli ýollary synap görýär. 


Türkmen elipbiý harplary boýunça  


A-Alkymyň alma deý ýaňja gyzaran 

B-Biliň balyk kimin balkyldar durar 

Ç-Çeper keşdelerden dünýä döredýäň 

D-Dişleriň dür deýin ýylpyldar durar


E-Eýesi sen bu düşniksiz dünýämiň 

Ä-Ädimlerim saňa sary atygsar 

F-Ful bedeniň görenleriň gözünde 

G-Gözleriňde gör nijeme akyl bar


H-Hyýalymyň melegi sen Maralym 

I-Ile nusga işiň,edebiň ,haýaň 

J-Jemalyň jahany haýrana goýar 

Ž-Žurnalistler bilse ederler aýan


K-Keýik kimin enaýyja endamyň 

L-Lowur-lowur lowurdaýar ýüzleriň 

M-Mynasyp sen gerçekleriň gerçegne 

N-Näzijegim ,soltany sen gyzlary-Ň


O -Owal-ahyr döremez beýle gözel 

Ö-Ömür boýy ýazsam ýetmeýär wasbyň 

P-Patyşalar dökse altynlaryny 

R-Ruhum siňen roýuňdan gelmez üstin


S-Sylýar ýüze seni gören eneler 

Ş-Şular ýaly gelin gelse öýme diýp 

T-Tapylgysyz tagtymmy sen bagtymmy ?

U-Unutma ýar asla ýeke goýma diý


Ü-Ümmülmez umydym .göwün tagtym sen 

W-Wagtsyz dünýäm,tükenmeýän altyn sen 

Y-Ylahydan peşgeş berlen bagtym sen 

Ý-Ýürekden söýenňe Taňry ýalkasyn 

Z-Zynjyr deý baglaly söýgi halkasyn


Gerçeknazar Amannazarow


* * *

Akrostik


A-dalat näme aslynda ,gorag galadan gaty

D-oýmaz ondan hiç halaýyk ol milletiň iýmiti 

A-dalatyň gijä galsa ýykarsyň adalaty 

L-ebiz ynsan zynaty ,ganaty hem halaty 

A-dam aglap eser ýazar akylsyzlar okar gülüp 

T-aňry adalatsyz däldir hakdygyn bilersiň ölüp


* * *


Assonans.


Aý-aýdyňda aýym aýlanaly gel.

Aýdymlar aýdaly,aýrylmaly hiç.

Oýunlam oýun däl,oýlanaly gel.

Aýralyk aýdymda aýdylmaly hiç.


Ömürlerim ömürlerňe öwrülip.

Arzuwlarym arzuwlaňda aýlansyn.

Özümizden özümizi öwrenip,

Armanlarmyz aňymyzda aýňalsyn.


Aýdymlar aýdylsyn Aýnabadyma.

Aýym gel,

Aýym bol,

Arzuwlarym aç.

Adyňy aýyrman ýazdym adyňa,

Aýrylmaly hiç,

Aýrylmaly hiç.


Gerçeknazar Amannazarow.


(06.03.2023)


 * * *


Tuýuglar 


Salam Dürlüm ,ýagdaýlaryň ýagşymy?!

Sözüň sazmy ýa-da ýazyň ýagşymy 

"Gerçek goşgy ýazyp bilmez"diýdiler 

Synla indi ýagyş ýaly ýagşymy 


* * *


Teni ak,bugdaýreňk, gaşlary gara 

Söýgümi aňlasaň gözlerme gara 

Isleseň sypaýy ýumşak bolaýyn 

Isle sen dogumly bolaýyn gara


* * *


Ýap-ýaňyja gyzaranja ,süp-süýjije alma sen

Seni senden gabanaryn,meni menden alma sen 

Nüçün kalbym jigläp gidýär şol ady eşdenimde 

Çünki çagalyk söýgüm Çary gyzy Alma sen 


* * *


Ýürekdäkilermi aňla açyk ýüz 

Gelde söýgi ummanynda sende ýüz 

Seni söýüp gezýän başga dünýede 

Arzuwlarym ,armanlarym müňde ýüz 


* * *


Gerçeknazar Amannazarow 






Комментарии

Популярные сообщения из этого блога

Gerçeknazar Amannazarow