Söhbetdeşligiň bezegi (bolan waka)

 Söhbetdeşligiň bezegi (bolan waka)


Obamyzdaky "Sary kary ahun" metjidinde remezan aýynda her gün diýen ýaly agzaçar edilýärdi. Bu gün (ýagny 2012-nji ýylyň sentýabr aýynyň sekizinde) hem şonuň ýaly agzaçarda şeýle waka boldy.

 Biz üýşüp metjidiň ýanyndaky jaýyň içinde öňümize suw,hurma,gawun-garpyz alyp agzaçara taýyn bolup oturdyk. Biziň aramyzda oturan Muhammedaly mugallym :

-Eger diňleseňiz size soragym bar -diýdi. Muhammedaly mugallym ençeme ýyldan bäri Gökdepe etrabynyň 8-nji orta mekdebinde mugallymçylyk edýärdi. Ol orta boýly, etli-ganly ,ýaşy ýetmize golaýlan adamdy. Şeýle-de bolsa ol daşyndan kyrk,kyrk bäş ýaşlarynda görünýärdi.Biz Muhammedaly mugallyma gysgaça "Mollum" diýip ýüzlenýärdik. Biz:

-Diňleýäs mollum aýdyber -diýeninden soňra ol bize şeýleräk bir sorag berdi:

-Magtymgulynyň kakasy kim bolupdyr?

-Döwletmämmet Azady.

-Ejesi kim bolupdyr.

-Orazgül.

-Akmaýanyň ýoly ýyldyzlar toparyna Oguz han döwründe näme diýlip atlandyrlypdyr?

 Ine bu soraga jogap bermek bize kyn düşdi . Sebäbi biz astronomiýa bilen gyzyklanmaýardyk. Ahyrsoňy Şamyrat dogtar:

-Mollum özüňiz aýdaýsaňyz -diýdi.Şamyrat Isberden obasynyň belli dogtarydy. Ony bu obada tanamaýan adam ýokdy. Ol göwni açyk , degişgen adamdy. Soňra Muhammedaly mugallym öz beren soragyna özi jogap bermeli boldy.

-Oguz han döwründe Akmaýanyň ýoly ýyldyzlar toparyna "Oguz hanyň ýaýy" diýlip atlandyrylýan eken. 


Ine şunuň ýaly sorag-jogaply söhbetler hasda gyzykly we manyly bolýar. Ýagny söhbetdeşligiň bezegi sorag-jogapdyr. Sorag-jogapsyz söhbetdeşlik bolup bilermi? 


© Gerçeknazar AMANNAZAROW 



Комментарии

Популярные сообщения из этого блога

Gerçeknazar Amannazarow