A gyz beräý nomeriňi (degişme goşgy)

 A gyz beräý nomeriňi (degişme goşgy )



Ýüregime saldym şygram 


Haýpyň gelsin birje gram 


Götermez derdim moşny kran 


A gyz beräý nomeriňi (degişmelerden)



Seni gördüm,mament söýdüm 


Diýdim "Beräý nomeriňi "


Ýalbardym berersiň öýdüp 


Haýyş beräý nomeriňi



Tarypyňy ýazdym ençe 


Heý gözel barmyka sençe ?


Gije urlup geldim şunça 


Indi beräý nomeriňi



65-lik diýip gülýäň 


Nüçün meni oýnan bolýaň 


Ahyr berjegiňä bilýän 


A gyz beräý nomeriňi 



Düýn öýlän ýanyňa bardym 


Agaň bar eken soň gördüm 


Wah şol günem gaýtdym urlyp 


A gyz beräý nomeriňi



Öýe geldim kakam gördi 


Näm boldy diýp sorag berdi 


Sen maňa boldyňa görgi 


A gyz beräý nomeriňi



Agalarmyň bary bildi 


Baryda üstümden güldi 


Ejemjanyň haýpy geldi 


A gyz beräý nomeriňi



Erkek sözün berýär Gerçek 


Seni jandan eziz görjek 


Diňe saňa göwnüm berjek 


A gyz beräý nomeriňi



(28.04.2020)


Gerçeknazar Amannazarow 

Комментарии

Популярные сообщения из этого блога

Gerçeknazar Amannazarow