Ylym

 Ylym


Her dürli dälilik bardyr dünýäde ,

Hemme ylymlary öwrenjek bolup ,

Hemme alymlara öýkünjek bolup ,

Gezip ýörmek, olam bir dälilikdir.

Saňa bolsa ýeter ýeketäk ylym,

Iň kämil ybadat ,iň mäkäm sütün.

Emma beýle ylym berilmez barça,

Beýle ylym dogry sözli,arassa,

Adama berler.

Nähili bolsada kämil ylymdan,

Beýleki ylymlar gyzykly görner,

Peýdaly görner .


Bir ylmyň alymy,mollumy bolup,

Tagat-ybadatdan daşda bolandan,

Daşlaşyp ondan.

Elbet şol ylymdan bihabar bolup ,

Haýyrlydyr dogry ýolda gezmegiň,

Haýyrlydyr kämil ylym öwrenip,

Many düzmegiň.


Gör näçe ylymlar bardyr eýesin,

Bu dünýäde baýlyga hem şöhrata,

Eýe eder, elbet sözlerim hakdyr.

Ahyrýetde bolsa onuň hiç hili,

Peýdasy ýokdur.


Gerçeknazar Amannazarow 

Комментарии

Популярные сообщения из этого блога

Gerçeknazar Amannazarow