Wesýetnama

 Wesýetnama 


Görýän welin hormat goýdurmak üçin, 

Gitmek gerek bu ýalançy dünýäden. 

Bar wagtynda bilinmedi barlygym, 

Barlygymy ölümden soň bilýärler. 


Ölümden soň näm edeýin hormaty, 

"Gerçek öldi" diýip gynanmasynlar. 

Diri wagtym sylamadyklar meni, 

Soň sylajak bolup synanmasynlar.


Iň gowysy doga-dileg ediň siz,

Gurhan okaň hiç aýatdan doýmasyn.

Gurhan bilmeseňem okaý bilenňi, 

Az okady diýip gaty görmerin. 


Arzuwym ýok , armanym ýok durmuşdan,

Hakyň beren ömrün menem ýaşadym.

"Öldi" diýip öldürmäň-ä siz meni, 

Meni baky kalbyňyzda ýaşadyň.


(18.02.2023)


Gerçeknazar Amannazarow 

Комментарии

Популярные сообщения из этого блога

Gerçeknazar Amannazarow