Baýram guşy (bolan waka)

 Baýram guşy (bolan waka)


Şükür bu ýyl hem Allajan öz rehmetinden eçildi. Ine maňada baýram namazyny okamak miýesser etdi . Men kakam bilen Gökdepe metjidine ýetip barýardyk. Howa azajyk sowgyrakdy,gündogardan çalaja sowujak şemal öwüsýärdi. Gökdepe metjidiniň depesinde Güneş gyzaryp gözüňi gamaşdyrýardy. Metjidiň mikrofonyndan ymamyň wagyzy ýaňlanyp durdy.Daş töweregindäki adamlar biri-birinden gowy musulman eşiklerini geýip, iň gowy müşklerden sepinip , şadyýan ýagdaýda baýram bereketinden öz paýlaryny almana howlugyp gelýärdiler. Metjidiň gümmezinde guşlar gaýmalaşyp kä gümmeze gonýardylar, käte bolsa ýokarlygyna uçuşyp ýene-de yzyna dolanyp gelýärdiler. Men şol guşlara gözümi aýyrman seredip ýuwaşlyk bilen ýöräp gelýärdim. Içimden bir ses maňa "Olar guşlar däl, perişdeler" diýýärdi. Şol pursat men hem "Allajan eger olar perişdeler bolsa , onda şolaryň içinden birini meniň ýanymada ýollaýda" diýip dileg edipdim. Tüweleme bu wagt adamlardan ýaňa metjidiň içinde ýer ýokdy. Hatda sogapdan umydygär bendeler metjidiň daşyny hem doldyryp gelýärdiler. Bolsada biz ýanymaza aýratyn namazlyk alypdyk. Gijiräk gelenimiz üçin baýram namazyny metjidiň daşynda okadyk. Ymam gaýta-gaýta baýram namazynyň wagtynyň azalyk gelýänini duýdurýardy. Inede namaza durdyk. Namazdan soň aýt tekbirleri okaldy.


Allahu ekber Allahu ekber , 

Lä ilähe illallahu wallahu ekber,

Allahu ekber Allahu ekber,

We lillähil hamd.


Bu tekbir üç mertebe sanaldy. Soňra Gurhan okaldy. Ondan soň doga-dileg edildi. Iň gowy doga-dileglerden soň jemagat bolup "Ämin" diýip , elimizi ýüzümize syldyk. Baýram namazyndan soň musulmanlar begenişip , elleşip, gujaklaşyp biri-biriniň baýramçylygyny gutlaşýardylar:


-Baýramyňyz mübärek bolsun !

-Sag boluň siziňkem gutly bolsun !

-Namaz , orazaňyz kabul bolsun ! 

-Taňry ýalkasyn. Barça musulmanyňky kabul bolsun .


Hawa bu gün hakykatdanam musulmanlar üçin hakyky baýramçylykdy. Bir aýlap agyz bekläp, namaz okap , sadaka edip,tesbih sanap, ylym öwrenip... gazanan sogaplaryny bu gün alýardylar. Baýramçylyk mynasybetli janly kesilip , sadakalar edilýärdi. Baýram namazyndan çykyp kakam bilen sadakalara göründik. Sadakalardan soň ahyry öýe geldim . Ýöne öýe gelenimden soň hem meni bir zat bimaza edýärdi, ol hem penjiräni kakyp duran guşjagazdy.

-Allajanlarym bu nämäniň alamatyka ? - diýip , guşa içgin seretdim. Hakykatdanam ol ýüzüme naýynjar seredip, çüňki bilen penjiräni kakyp durdy. Kelläňe her dürli pikirler gelýärdi. Soňra öýden çykyp , jaýyň daşyndan aýlanyp baranymda hiç zat ýokdy. Bu waka 3-4 günläp gaýtalandy. Ony öýdäkiler hem görüpdirler ...


Bu durmuşda her dürli täsin we syrly wakalar bolup geçýär. Ol wakalara düşünmek we oňa ýüregiňdäki ýa-da kelläňdäki pikirleri aýtmak örän çetin.(soňy)


(21.04.2023)


Gerçeknazar Amannazarow .


Комментарии

Популярные сообщения из этого блога

Gerçeknazar Amannazarow