Akylym

 AKYLYM 


"Aklym" diýip aldyň bolan aklymy,

"Toklum" diýip hakyt tokla öwürdüň.

Indi idelmeýär "köne dostlarym",

Durmuşymy sen tersine çöwürdiň.


Bu durmuşda öňküdenem bagtly men,

Aslynda durmuş hem hezil eken-ä.

Gezdim munda mydam gözellik gözläp,

Durmuş ýaryň bilen gözel eken-ä.


Maňa mundan beter bagt gerek däl ,

Şükür ýaşap ýörün aýlygym bilen.

"Garyp" diýip göwnemedik gyzlaryň,

Içini ýakýaryn baýlygym bilen .


Her gülende güller açýan Gülkahkam!

Sensiz bu durmuşy näme edeýin?

Uzaklardan gözleýärdim men seni ,

Aslynda sen meniň ýanymda ekeniň.


(18.04.2023 09:00)


Gerçeknazar AMANNAZAROW.

Комментарии

Популярные сообщения из этого блога

Gerçeknazar Amannazarow