Gündeligimden...

 Gündeligimden...


Durmuş uzyn romandyr,

Näçe ýazsaň ýazyber.


* * *


Akylly adam her bir bolan wakadan many alar.


* * *


Iň uly miras baýlyk dälde, abraýdyr.


* * *


O:t tüssesiz bolmaz, adam gussasyz bolmaz.


* * *


Akyl iş akyldan çykar, akyllar nakyldan çykar.


* * *


Hassa melhem gerek, şahyra ylham gerek.


* * *


Aşa joşgun adamyny köp gürlemäge mejbur edýär.


* * *


Adam- sähelçe zada begenip, sähelçe zada gynanyp bilýär.


* * *


Her bir adam,adam bilen adamdyr,

Bu dünýäde ýaşap bormy adamsyz?


* * *


Goý mydam ýagşy adamlar,

Ýagşy ýola ätlesinler.

Sen dünýäde ýagşylyk et,

Ýagşylykda ýatlasynlar.


* * *


© Gerçeknazar AMANNAZAROW 

Комментарии

Популярные сообщения из этого блога

Gerçeknazar Amannazarow