Сообщения

Сообщения за май, 2023

Daýhan buýsanjy

 Daýhan buýsanjy. Uzakdan görünýär ýaşyl maýsalar. Lowurdaýar olar Günüň çogyna.  Dagyň eteginde ekin ekdik biz. Käte aýlanardyk Köpetdagyma. Ine, ýene geldik ekin meýdana, Bir eiňde orak ,bir eliňde pil. Gök maýsalar yranyp dur her ýana,  Joýalardan-joýa akyp barýar sil. Orak bilen orýas haşal otlary, Hem pil bilen akar ýaby bekleýäs. Işleýäs meýdanda her gün der dökip,  Şeýdip halal maşgalany ekleýäs. Gerçeknazar Amannazarow Çeşme : yazyjy.blogspot.com

Ylahy

 Ylahy  Barýan huzurňa günäli, Ellerim boş,gözüm ýaş. Taňrym bagyşla günämi, Bizi otdan eýle daş. Indir soňsuz rehnetiňden, Dyndyr gazap mähnetiňden, Nesip eýle jennetiňden, Jähennemden eýle daş. Jemagatda goldaşym Sen, Ýalňyzlykda ýoldaşym Sen, Ýürekdeşim syrdaşym Sen, Syrmy ile etme paş. Ýüz gara men günäm çoh, Guwanmana güwäm ýok, Eýle kalbym,gabrym päk, Rehmiňden joş, Ýa Ýoldaş! © Gerçeknazar AMANNAZAROW  Çeşme : yazyjy.blogspot.com 

Ölümiň kenarynda (bolan waka)

 Ine birdenem ýel turup başlady. Tolkunlar gitdigiçe ýokary galyp pelkany öz ugruna alyp gitjek bolýardy.Han bar güýji bilen akymyň garşysyna kürekleýärdi.Jumageldi bolsa ýaňy gurup başlan tory gurjagynam,aýurjagynam bilmeýärdi.Ýöne garaşyp durara salym ýok.Pelkanyň içi suwdan dolup barýar.Jumageldi Hana gygyrdy: -Han akyma tarap ýüz  Han şonsuzam bar güýjini jemläp tarap ýüzýärdi.Duýdansyz gelen dag ýeli halys maý bermeýärdi. Esasanam kanalyň erňegi bolansoň hasam güýçli bolýardy.Tolkunlar bat bilen gelip , pelkanyň içini suwdan dolduryp barýardy. Jumageldi aljyrap näme etjegini bilmedi. Tory gurmanada, aýyrmanada wagt ýokdy. Ol tory taşlap ,pelkanyň öňüne geçip: -Han pelkäň suwuny boşat -diýip gygyrdy.Han küreklerini taşlap haýdap pelkanyň içindäki suwlary daşyna çykaryp başlady. Suw pelkanyň ýarysyndan ýokaryk geçipdi.Eger Jumageldi az-owlak garaşan bolsa pelkanyň içi suwdan dolup , kölüň aşagyna çümüp gitjekdi. Iň esasanam Hanam , Jumageldem suwda ýüzüp bilmeýärdiler.Olar hakykatda

Ýazasym gelýär munda

 Ýazasym gelýär munda. Ýaşamadym ine gana , Ýazasym gelýär munda . Zyndanda ýaly hamala , Gezesim gelýär munda. Häkim bolup bet gylyga , Garylyşsam ilçilige , Kysmatdaky kynçylyga, Dözesim gelýär munda. Islämoga kän baýlygy , Soka salýan her aýymy , Dünýälikden öz paýymy, Alasym gelýär munda. Okap ,ýazyp ,gulap asyp , Gezmelimi golum gysyp ? Adam adyma mynasyp , Bolasym gelýär munda. Gerçeknazar Amannazarow .

Eňip giderin

 Eňip giderin Zaman anyk ,möhsim anyk ,ýer anyk. Gitmeli ýerime eňip giderin  Diňe imanymy ýanyma alyp  Dünýäni duýdansyz zyňyp giderin Kalbymdaky mukam diňmejek ýaly  Gezip ýöris göýä ölmejek ýaly  Misli ýaz ýagşy deý ýagsamda häli  Damjalap-damjalap diňip giderin Ýaşaýan ,ýaşaryn Alla bil baglap  Alla bil bagladym gezmerin aglap  Dünýälik diýmerin bagrymy daglap  Edeniňe şükür diýip giderin Gerçek goşgy ýazdy ýene bir ýaprak  Neýläýin ýaz diýip gyýylsa kükrek  Kökim gan damarym arassa toprak  Ýene şol topraga siňip giderin Gerçeknazar Amannazarow 

Tekebazarda (drama)

 Tekebazarda (drama) (4 sany ülpet @Gerçeknazar , @Perhat Sabirow , @Juma Şahyr , @BBejodof Tekebazarda işsiz kaňkap ýörler. Birdenem @Gerçeknazaryň Aý ýaly @ssaparaya gözi düşýär. Soňra ülpetler @ssaparayyň telefon nomerini aljak bolup jan edýärler) @Gerçeknazar -(başyny başlaýar) -Seni gördüm,mament söýdüm  Diýdim "Beräý nomeriňi " Ýalbardym berersiň öýdüp  Haýyş beräý nomeriňi @ssaparay -(jogap berýär) -Sen maňa nirede duşduň? Berjek däl men nomerimi. Aýt haçan söýüp ýetişdiň. Beremok men nomerimi. @Perhat Sabirow (özelenýär) Tarypyňy ýazdym ençe  Heý gözel barmyka sençe ? Gije urlup geldik şunça  Indi beräý nomeriňi @ssaparay (berer ýaly däl) Tarypymy ýazma indi, Asla men diýp gelme indi , Wapşe söýjek bolma indi, Berjek däl men nomerimi. @Nirvana (jorasam alyp göterýär)   - Berenok şol nomerini  @Bejidof (goşga goşulýar) -Düýn öýlän öýňize bardyk   Agaň bar eken soň gördük   Wah şol günem gaýtdyk urlyp  A gyz beräý nomeriňi @ssaparay - Berjek däl  @Juma şahyr - 65-lik

Islenen - Kim Biz Ler (drama)

 Islenen - Kim Biz Ler (degişme) @Gerçeknazar (ölüpbarjy)-Ine uzak-uzak garaşdyran günem ýetip geldi. Bu gün 2023-nji ýylyň aprel aýynyň 29-y. Öňden mälim bolşy ýaly paýtagtymyz Aşgabat şäheriniň "Aşgabat" stadionynda bu gün Ýaponýanyň "Kim Biz Ler" topary bilen , ýurdumyzyň "Biz Islenen" topary FIFA-nyň naýbaşy kubagyny almak ugrunda jemleýji final tapgyrynda bäsleşerler. Ilki bilen toparlar bilen tanyş bolalyň. Ekranymyzyň sag tarapynda gök we ak eşikde Ýaponýanyň "Kim Biz Ler" topary:  Derwezäni Kim Go Rar goramaly . Goragçylar : Kim Sak Lar  Kim Du Rar  Kim Gö Rer  Ýarym goragçylar : Kim Ge Çir  Kim Yl Gar  Kim Biz Kim  Kim Bi Ler  Hüjümçiler : Kim De Per  Kim Sü Ser  Kim Sa Lar  Tälimçi : Kim De Kim  Ekranymyzyň çep tarapynda durşuna ýaşyl eşikde "Biz islenen " topary : Derwezäni @Remezan Saklarow goraýar . Goragçylar  @Aksary Durarow  @Гост Görerow  @FanB Bilerow  Ýarym goragçylar  @Owrenyan Ylgarow  @Dowsypat Igenerow  @Pegas Pas

Islenen klasynda (drama)

 Islenen klasynda (Drama) Gatnaşyjylar: @Abaddon (Direktor) @Panda_Di (Mekdep müdiri) @Pegas (Türkmen dili we edebiýaty mugallymy) Okuwçylar: @Vekil sity (klaskom) @Gerceknazar (ýazýan okuwçy) @FanB (pozýan okuwçy) @Massimus (çözýän okuwçy ) @Bejidof (dözýän okuwçy) @Xyivenia_babayeva(ozýan okuwçy) @Venus 23 (ýüzýän okuwçy ) @ssaparay (gezýän okuwçy) @Kwadrat kelle (gazýan okuwçy) @Juma şahyr(gülýän okuwçy) @Yusupahmet (käte gelýän okuwçy) @epifiz (geljek bolýan okuwçy) @DonMaxx(içýän okuwçy) @Nariobi (uçýan okuwçy) @Khanture (bäşlikçi okuwçy) @Owrenyan (ikilikçi okuwçy) @Gecip barýarka sowlan (geçip barýarka sowulýar) (Jaň kakyldy. Islenen klasy mal ýaly güpürdeşip , ala-goh bolup klasa girmäge başladylar) @Xyivenia_babayeva - Ura ýene-de men sapaga hemmeňizden ozup birinji geldim. @FanB- Geleňde näme ? @DonMaxx- Düýn agşam gowja doňupdyrnaý, şu wagtam açylamok. @Nariobi- Senem mydama içip ýörsiň. @Venus 23- @DonMaxx dost nasyň barmaý? @DonMaxx-Ýok  @Juma şahyr - Çilimiňem ýokmy?

Sungat adamsy

 Sungat adamsy. Aýdymçy men käte -käte hiňlenip, Öz ýanymdan aýdym aýdýaryn joşup.  Gowy aýdym aýdyp bilmesemde men,  Gowy aýdymlara aşyk men aşyk. Ýazyjy men käte çaýyň başynda, Bolan wakalary ýazýan oýlanyp. Entek eser ýazyp bilmesemde men, Garaz ýazjak bolýan her ýan aýlanyp. Suratkeş men galam alyp elime, Gözel ülkämiziň suratyn çekýän. Garaz gol gowşuryp oturmaýarys,  Halal zähmet çekip halal der dökýän. Men sungat adamsy. Şonuň üçin men, Ile ukybymy görkezip bilsem. Bu dünýäň baýlygy gerek däl maňa, Halkyma özümi söýdirip bilsem. Gerçeknazar Amannazarow 

Sakally ýigit

 SAKALLY ÝIGIT  Diýýärler "Şu ýaşda sakal gerekmi?" Imany sap bolan sakally ýigit . Şerigata ýapyşdyň sen ýürekli, Her sözi Hak bolan sakally ýigit . Okap ahunlardan ylym aldyň sen, Gurhan sürelerni ýatdan bildiň sen, "Gündiz molla , gije ýolda" bolduň sen, Ýüregi päk bolan sakally ýigit . Şeýtanlar başyňa musallat seniň, Durmuşyň kyn ýene açyk göwüniň, "Toba-toba" bilen geçsede günüň, Günäsi köp bolan sakally ýigit. Namaz wagty bolar gyssagly işiň, Diýerler "Kösenme , sen heniz ýaşsyň" Oraza aýynda gün uzyn açsyň, Özüne bek bolan sakally ýigit. Owal saýlap aldyň şeýle kysmaty, Görenler yzyňdan eder gybaty, Gybatdanam beter atar töhmeti, Görene gep bolan sakally ýigit. Bil molla bolmasa ýok namaz okan, Jynazaň bilinmez, gyýylmaz nikaň, Indi ýuwaş-ýuwaş azalýarmykan? Günäden saplanan sakally ýigit . © Gerçeknazar AMANNAZAROW 

Owarram diýeliň

 Owarram diýeliň "Owarram" diýeliň ownukçyllyga  Biz beýik işlerden baş çykarmaly  Gowy günde gullyk edip gowluga  Bozgaklaň işini boş çykarmaly Owarram diýeliň ownukçyllyga  Ownuk işe ownujaklar ýapyşýar  "Gawun hem gawundan reňk alarmyş" Ownuklardan ownukçyllyk ýokuşýar Aldanmalyň her aýdylan alkyşa  Öwgä öwsip göteriler köp kişi  Alkyşlary paýlamalyň perwaýsyz  Gerek ýerde gysganmalyň alkyşy Ýagşy ýol tut ,şoň ugrunda göreş kän  Ýagşy niýet ýetir bizi gowluga  Beýiklere beýik işler garaşýar  "Owarram"diýeniň ownukçyllyga Gerçeknazar Amannazarow