Islenen klasynda (drama)

 Islenen klasynda (Drama)


Gatnaşyjylar:


@Abaddon (Direktor)

@Panda_Di (Mekdep müdiri)

@Pegas (Türkmen dili we edebiýaty mugallymy)


Okuwçylar:


@Vekil sity (klaskom)

@Gerceknazar (ýazýan okuwçy)

@FanB (pozýan okuwçy)

@Massimus (çözýän okuwçy )

@Bejidof (dözýän okuwçy)

@Xyivenia_babayeva(ozýan okuwçy)

@Venus 23 (ýüzýän okuwçy )

@ssaparay (gezýän okuwçy)

@Kwadrat kelle (gazýan okuwçy)

@Juma şahyr(gülýän okuwçy)

@Yusupahmet (käte gelýän okuwçy)

@epifiz (geljek bolýan okuwçy)

@DonMaxx(içýän okuwçy)

@Nariobi (uçýan okuwçy)

@Khanture (bäşlikçi okuwçy)

@Owrenyan (ikilikçi okuwçy)

@Gecip barýarka sowlan (geçip barýarka sowulýar)


(Jaň kakyldy. Islenen klasy mal ýaly güpürdeşip , ala-goh bolup klasa girmäge başladylar)


@Xyivenia_babayeva - Ura ýene-de men sapaga hemmeňizden ozup birinji geldim.

@FanB- Geleňde näme ?

@DonMaxx- Düýn agşam gowja doňupdyrnaý, şu wagtam açylamok.

@Nariobi- Senem mydama içip ýörsiň.

@Venus 23- @DonMaxx dost nasyň barmaý?

@DonMaxx-Ýok 

@Juma şahyr - Çilimiňem ýokmy?

@DonMaxx (mydama şol bir jogap)-Ýok

@Bejidoff - @ssaparay betje gyzaý.

@Gerçeknazar - Howwa gowja gyz

(Soňra saňňyl-saňňyl edip ýetmişi arka atan @Pegas mugallym gelýär.Ony görüp okuwçylar ýerlerinden turýarlar)

@Pegas - Salam okuwçylar !

Okuwçylar - Salam mollum.

(Okuwçylar ýerlerinde oturýarlar)

@Pegas - Bu günki geçmeli sapagymyz Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi.

@Kwadrat kelle-Ýene şol sapakmaý.

@Yusupahmet -Ýadatdaý şulam "Magtymguly " diýip.

@Pegas - Magtymguly Pyragy gökleň türkmenlerindendir. Ol takmynan, 1724-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda, Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň​ köpüsini​ Etrek, Gürgen, Garrygala sebitlerinde geçiripdir.

(@Pegas mugallymyň jan edip geçýän sapagyny diňleýänem ýok.@DonMaxx henizem serhoş. @Bejidoff söýgülsine goşgy ýazýar. @epifiz uklap otur. @Fanb bilen @Nariobi aýagaldygyna gybat edýär.@Gerçeknazar şu dramany ýazyp dur .)

@Pegas - Magtymguly jahankeşde adam bolupdyr. Dünýäniň köp ýerlerine syýahat etmek duýgusy onda ýaşlykda döreýär. Bu syýahatlar şahyryň dünýägaraýşyny giňeldipdir...

@ssaparay - Magtymgulynyň syýahat eden ýerlerine syýahat edäýseň.

(Soňra gapydan @Abaddon direktor bilen mekdep müdiri @Panda_Di girýär. Okuwçylar ýerlerinden turýarlar)

@Abaddon - Salam okuwçylar !

Okuwçylar - Salam mollum 

@Abaddon - Oturyň okuwçylar 

(Okuwçylar ýerlerinden oturýarlar )

@Abaddon - @Pegas mugallym bu wagt haýsy sapagy geçýäňiz?

@Pegas - Magtymguly Pyragynyň ömri we döredijiligi.

@Abaddon - Öňelem geçmediňmi şol sapagy?

@Pegas - Geçdim welin okuwçylar iň bolmanda Magtymguly Pyragynyň kimdigini bir bilsin diýýändä.

@Abaddon - Bilýärlermikä göreli hany. Okuwçylar haýsyňyz Magtymguly barada aýdyp biljek (Okuwçylardan ses üýn ýok. Soňra birden gapy açylýar)

@Geçip barýarka sowlan- Bagyşlaň geçip barýarkam sowlaýypdyryn.

@Abaddon (gaharlandy) - Näme bu ýeri geçip barýarkaň sowulynýan ýermi? (Bada-bat gapy ýapyldy)

@Abaddon - @owrenyan hany sen aýt Magtymguly Pyragy kim bolupdyr.

@owrenyan (bilmesede bilýän kişi bolup , söz owadanlamaga başlady) - ⅩⅩⅠ asyryň beýik söz ussady, naýbaşy eserleri, täsirli goşgylary döreden we döredýän , Magtymguly baýragynyň eýesi Magtymguly Pyragy 1991-nji ýylda Ahal welaýatynyň Gökdepe etrabynyň ...

@Abaddon (onuň soňky sözlerini diňlemäge çydamady) - Boldy-boldy , goýaweri, otur ýeriňde . Düzelmän geçjekdä senem öwrenýän diýip öwrenýän zadyň ýok .

@Khanture (birden samrap başlady) - Magtymgulynyň bir goşgysynda "Ýer tekiz" diýip ýazylan ýeri bar.

@Pegas - Sen bir otursana 

@Khanture - Başga planetalylaryň bardygyny subut edenem şol.

@Pegas - Sem bol diýýän.

@Vekil sity - "Ýazgyt ýok" diýebem ýazan goşgysy bar dälmi şonuň?

@Pegas - Sen nireden çykdyňaý?

@Abaddon - @Pegas mugallym okuwçylara olar ýaly zatlary sen öwredýäňmi?

@Pegas - Ýokla internet diýip bela bar şondan öwrenýärler. Meniň öwretjek bolýan zatlaryma öwreneýenoklar .

@Abaddon - @Gerçeknazar sen bilýäňmi Magtymguly Pyragy kim?

@Gerçeknazar (ýerinden turup) - Heý onam bir bilmän bormy? Ol barada ýaňja goşgam ýazdym .

(@Gerçeknazar 2 ýyl mundan ozal ýazan goşgysyny ýaňja ýazdym diýip ussatlyk bilen ýalan sözlemegi başardy. Aý näme Magtymgulam "Jaý ýerinde ýalan ýagşydyr " diýýärä)

@Gerçeknazar - Ine edil ýaňja ýazan goşgym.


Garaşsyzlyk alyp,Bitarap bolup,

Belentlikden belentlige beýgelip,

Bäş welaýat bir saçaga jemlenip,

Bir jan bilen bir ten boldy Pyragy,

Arzuwlan eýýamyň geldi Pyragy.


Türkmen halkym ne günleri görmedi?

Hatda ýaşamagam gara görgidi,

Bu gün ýurdum gunçalady,gülledi,

Döwletiň berkarar boldy Pyragy ,

Arzuwlan eýýamyň geldi Pyragy .


Türkmen saňa uly sarpa goýýandyr,

Her sözüň köşekli düýä degýändir,

"Dünýälikden at istärem"diýýärdiň,

Bu gün adyň dünýä doldy Pyragy ,

Arzuwlan eýýamyň geldi Pyragy .


Ine huzuryňda durus jemlenip,

Doga-dileg edýäs,Gurhan diňlenip,

Uly şatlyk-şowhun bilen bellenip,

Bu gün üç ýüz ýaşyň doldy Pyragy ,

Arzuwlan eýýamyň geldi Pyragy .


Gör türkmen berkarar döwletiň gurdy,

Arkadagly Serdar gülledýär ýurdy,

Guşlaram erkana ganatyn gerdi,

Göwün guş deý göge galdy Pyragy ,

Arzuwlan eýýamyň geldi Pyragy .


@Panda_Di - Tüweleme 

@Abaddon - Howwa hakykatdanam gowy goşgy bolupdyr , berekella . Indi başga kim sapak aýdyp berjek.

@ssaparay- Men aýdaýyn mollum 

@Abaddon - Hany aýt bakaly.

@ssaparay -Türkmen halkynyň beýik şahyry Magtymguly Pyragy, takmynan 1733-nji ýylda Gürgen derýasynyň boýunda Hajygowşan diýen ýerde eneden dogulýar. Ol ömrüniň köpüsini Etrek, Gürgen, Garrygala sebit-rinde geçiripdir. Magtymguly başlangyç terbiýäni öz kakasyndan alýar.

Şahyr ilki oba mekdebinde, soňra Halajyň Gyzylaýak obasynda ýerleşýän Idris babanyň medresesinde bilim alýar.

Buharadaky Gögeldaş medresesine okuwa girýär, ýöne talyplaryň bozuklygy, ony bu medresäni taşlamaga mejbur edýär. Magtymguly Hywadaky Şir-gazy medresesinde okap bilim alýar we öz döwrüniň bilimli we düşünjeli adamsy bolup ýetişýär...

Magtymguly, takmynan, 1807-nji ýylda Atasary diýilýän çeşmäniň boýunda, Soňudagyň ýanynda aradan çykýar. Ony kakasynyň ýanynda "Garry molla" (Eýranda) gonamçylygynda jaýlapdyrlar.

@Panda_Di - Tüweleme 

@Pegas - Bäşlik 

@Abaddon - Berekella 

(Soňra jaň kakyldy . Sapak gutardy. @Abaddon , @Panda_Di , @Pegas mekdebiň içinde @ssaparay ýaly okuwçylaryň bardygyna buýsandylar.Soňy)


(30.04.2023)


© Gerçeknazar Amannazarow 







Комментарии

Популярные сообщения из этого блога

Gerçeknazar Amannazarow