Tekebazarda (drama)

 Tekebazarda (drama)


(4 sany ülpet @Gerçeknazar , @Perhat Sabirow , @Juma Şahyr , @BBejodof Tekebazarda işsiz kaňkap ýörler. Birdenem @Gerçeknazaryň Aý ýaly @ssaparaya gözi düşýär. Soňra ülpetler @ssaparayyň telefon nomerini aljak bolup jan edýärler)

@Gerçeknazar -(başyny başlaýar)


-Seni gördüm,mament söýdüm 

Diýdim "Beräý nomeriňi "

Ýalbardym berersiň öýdüp 

Haýyş beräý nomeriňi


@ssaparay -(jogap berýär)


-Sen maňa nirede duşduň?

Berjek däl men nomerimi.

Aýt haçan söýüp ýetişdiň.

Beremok men nomerimi.


@Perhat Sabirow (özelenýär)


Tarypyňy ýazdym ençe 

Heý gözel barmyka sençe ?

Gije urlup geldik şunça 

Indi beräý nomeriňi


@ssaparay (berer ýaly däl)


Tarypymy ýazma indi,

Asla men diýp gelme indi ,

Wapşe söýjek bolma indi,

Berjek däl men nomerimi.


@Nirvana (jorasam alyp göterýär)


  - Berenok şol nomerini 


@Bejidof (goşga goşulýar)


-Düýn öýlän öýňize bardyk  

Agaň bar eken soň gördük  

Wah şol günem gaýtdyk urlyp 

A gyz beräý nomeriňi


@ssaparay - Berjek däl 


@Juma şahyr -


65-lik diýip gülýäň 

Nüçün meni oýnan bolýaň 

Ahyr berjegiňä bilýän 

A gyz beräý nomeriňi 


@ssaparay - Berjek däl .


@Gerçeknazar -


Erkek sözün berýär Gerçek 

Seni jandan eziz görjek 

Diňe saňa göwnüm berjek 

A gyz beräý nomeriňi


@ssaparay - Berjek däl 


(Ülpetler her näçe ýalbarsalarda @ssaparay telefon nomerini bermedi.Ülpetler oňa gynanşyp, aglaşyp durkalar @Belki gelýär)


@Belki -


-Diýdiñ her öñýetene "ýar",

Üstüñden atyr "añkaýar",

Tekebazarda kañkaýañ.

Aýuw, oglan, adyñ näme?


@Gerçeknazar (ony eşidip hasam göwni joşýar)


- Diýdim her öňýetene "ýar"

Üstümden atyr "aňkamaýar"

Dogry şol ýerde kaňkaýan,

Aýtsam saňa adym Gerçek 


@Belki 


-Boýuñ uzyn, hor özüñem,

Hondansy bakýar gözüñem,

Sen ýalylar tiz gözüger,

Aýuw, oglan adyñ näme?


@Gerçeknazar:


 - Boýum uzyn,nädip bildiň?

Pulym kän hondansy boldym.

Aýt sen meni haçan gördüň?

Aýtsam saňa adym Gerçek.


@Belki :


-Dur-la eliñem güllimi?

Permanmyka ýa Pürlimi?

Arassamy ýa kirlimi?

Aýuw, oglan adyñ näme?


@Gerçeknazar:


- Hawa elimem güllije,

Permanam däl , däl Pürlide,

Arassaja hem kirlije ,

Aýtsam saňa adym Gerçek 


@Belki :


-Adyñy bilsem boldugy,

Adyña geçirjek barymy,

Men şo dereje mal-da gy,

Aýuw, oglan adyñ näme?


@Gerçeknazar:


 - Özüňem adyň aýtmadyň,

Mäleýän maldyr öýtmediň,

Menemä yza gaýtmaryn,

Çünki meniň adym Gerçek.


@Abaddon (bularyň bolup oturşyny görüp gahary gelýär) - Şular biz.islenen.ru saýtynda-da mydama düzgünnamany bozup ýördiler . Bärde-de dek gezýän däldirler. @Pegas , @Remezan ýok edip Tekebazardan kowuň bulary.


(@Abaddon bu wagt Tekebazaryň başlygy. @Pegas bilen @Remezan ülpetleri Tekebazardan kowup çykarýarlar)


@Bejodof (@Gerçeknazara gaharlanýar)- Bolup ýörşüň şu bolsa kowulan ýeriň kän bolar (soňy)


© Gerçeknazar AMANNAZAROW 

Комментарии

Популярные сообщения из этого блога

Gerçeknazar Amannazarow